Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýgulyýew çarşenbe güni Katar döwletine iş saparynyň çäginde ýurduň Baş gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gümrük ulgamynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň milli gümrük ulgamyny halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak we sanly çözgütleri giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük gulluklarynyň arasynda özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek hem-de söwda amallarynyň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda geljekde taraplaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.
Türkmen wekiliýeti Katar döwletine iş saparynyň çäginde penşenbe güni Hamad adyndaky Halkara howa menziline we Hamad Halkara deňiz portuna baryp, bu desgalaryň işi bilen tanyşdy.

















