Daşoguzda 3 ölçegli ýanýoda örtükleri öndürilip başlandy

Daşoguzda 3 ölçegli ýanýoda örtükleri öndürilip başlandy
3 ölçegli ýanýoda örtükleri

Daşoguz şäherinde ýerleşýän hususy kiçi zawodyň işgärleri 3 ölçegli ýanýoda örtükleriniň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdiler. Berkligi, üstüniň taýdyrmaýanlygy, suw geçirmeýänligi, galyberse-de, göze geliwliligi täze önümiň artykmaçlygydyr.

Kärhananyň täze önümleriniň arasynda ýüzüne türkmen halysynyň gölleri salnan we zemine ýazylýan gülli daş örtükler, şeýle-de lagym gapaklarynyň dürli görnüşleri hem bar.

Hususy kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Azat Sabyrow ýolbaşçylyk edýär. Onuň önümlerine sebitiň dürli gurluşyk edaralardyr şahsy adamlar isleg bildirýärler.   

Binalaryň içerki we daşky bezegi üçin daş örtükler, ýanýoda örtükleri, bezegli agaç sütünjikleri, aýmançalar we beýleki önümler kiçi zawodyň meýdançasynda ýerleşýän söwda nokadynda ýerleşdirilendir. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 30 müň inedördül metr önüm çykarmaga niýetlenendir. Bu ýerde Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary öndürijilikli enjamlar oturdylan.

Bazaryň talaplaryna laýyklykda kärhanada taýýar galyplar bilen bir hatarda daş örtükler üçin bu ýerde taýýarlanylan nusgalar-da ulanylýar, bu bolsa özboluşly dizaýnerlik täzelikleri önümçilige ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär we marketing artykmaçlygyny döredýär.

Häzirki wagtda kärhanada önümiň on görnüşi çykarylýar, olaryň önümçiliginde bahasy we hili babatda amatly ýerli çig maldan peýdalanylýar. Gurluşyk bazarynyň talaplaryndan ugur alyp, kärhana emeli mermerden hem şu kysmy önümiň çykarylyşyny özleşdirýär.