Telekeçiler Lebap welaýatynyň çig mal serişdelerini özleşdirýärler

Telekeçiler Lebap welaýatynyň çig mal serişdelerini özleşdirýärler
Telekeçiler Lebap welaýatynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Magdanly-Garlyk etrabynyň mineral-çig mal serişdeleriniň özleşdirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçileri Lebap welaýatynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Magdanly-Garlyk etrabynyň mineral-çig mal serişdeleriniň özleşdirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Bu ýerde tol materialynyň öndürilişini ýola goýan “Mizemez gadam” hususy kärhanasy häzirki wagtda bu gymmatly gurluşyk materialyň öndürilişi boýunça kiçi zawodyň gurluşygyny alyp barýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde işleýän hususy kärhanalarynyň we hojalyk jemgyýetleriniň işgärleri uly mümkinçilikleriň mekanynda köp görnüşli gurluşyk materiallarynyň öndürilişini ýola goýmaklykda öz goşandyny goşýarlar. Olaryň arasynda “Hilli gurluşyk önümleri”, “Şir gurluşyk”, “Arassa kenar” we beýlekileri görkezmek bolar. Şpaklýowka, gips, gury garyndylar, gipskarton, oblisowka plitalary, elektrodlar, kalsiý karbidy we gurluşyk materiallarynyň beýleki görnüşleri ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň ýokary hilli materiallara bolan talaplary bilen üpjün edip bilýär.

Bu dagly ülkäniň baýlyklary hakykatdan-da, mizemezdir. Onda ýerasty baýlyklaryň 30-dan gowrak görnüşleri, şol sanda elektron senagatynda seýrek gabat gelýän taýsyz minerallar – germaniý we selestin hem bardyr. Köýtendag etrabynyň şäherleriniň we obalarynyň toplumlaýyn senagat taýdan ösdürilmegi boýunça maksatnama işlenip düzüldi, onuň esasynda sebitiň tebigy baýlyklaryny senagatda özleşdirilmegine kuwwatly badalga berildi.

Bu ýerde döwlet derejesinde möhüm maýa goýum taslamalary, şol sanda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge barabar bolan “Lebap” sement zawodynyň gurluşygy durmuşa geçirildi. Lebap sementiniň uly böleginiň eksporta goýberilmegi hem tötänleýin däldir. Ýurdumyzyň telekeçileri kaliý dökünleriniň öndürilişi boýunça ýene bir toplumyň hem-de ýyllyk kuwwaty 1 million tonna deň bolan sement zawodynyň gurluşygyny meýilleşdirýärler.

Şeýle hem, “Türkmendaşlary” döwlet kärhanasynyň Künjek kän müdirliginiň köp görnüşli magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişi boýunça alyp barýan netijeli işlerini bellemek gerek. Kärhana ýol-transport infrastrukturasynyň obýektlerini, senagat we ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli gurluşyklaryny ýylda 1 million tonnadan gowrak grawmassanyň, şebeniň we beýleki inert materiallarynyň dürli görnüşleri bilen üpjün edýär.

Berdimyrat Jumaýew, "Türkmenistan: Altyn asyr"