Petdelik tokaýlary dikeltmegiň üstünde işlenilýär

BT
Petdelik tokaýlary dikeltmegiň üstünde işlenilýär
Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde bir wagtyň özünde amala aşyrylýan çäre 2018-2020 ýyllar üçin göz öňünde tutulýar.

Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) bilelikdäki taslamasynyň çäginde, Amyderýanyň kenar meýdançasyndan peýdalanmak boýunça maslahat geçirildi.

Maslahata Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Margret Ýuberiň we GIZ maksatnamanyň Merkezi Aziýadaky sebitleýin utgaşdyryjysy Torstena Bresininiň gatnaşmagy 20 ýyldan bäri dowam edip gelýan daşky gurşaw boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijeli ösýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde bir wagtyň özünde amala aşyrylýan daşky gurşaw taslamasy 2018-2020 ýyllar üçin göz öňünde tutulýar.

Göz öňünde tutulan maksatnamanyň çäginde soňky 40 ýylyň dowamynda tokaý meýdançasynyň üýtgeýiş depgininiň seljerme barlagyny geçirmek, ýerleri gaýtadan taýýarlamak we tokaýlary dikeltmek çäresini kenarýaka zolagynyň 30-40 gektarynda geçirmeklik meýilleşdirilýar. Bu taslamanyň serhetaşyr täsirleri göz öňünde tutulanda, ol sebit üçin uzak möhletleýin strategiýanyň bir bölegi bolar diýlip garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022