Şu ýylyň 28-nji iýunynda ýurdumyzyň Ahal welaýatynda geçiriljek tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana görkezijiler boýunça täsin bolup durýar. Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler.
Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standarty boýunça ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem bir ýylda arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Giň möçberli maýa goýum taslamasy ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Bu işleriň dowamynda ýangyç energetika toplumynda öňde baryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebap ylmy işleri geçirmek daşky gurşawy goramak üçin uly ähmiýete eýedir.
“Türkmenistan: Altyn asyr”