Türkmenistan bilen Ýewropa maýa goýum bankynyň (ÝMGB) arasynda 3-nji sentýabrda taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Çarçuwaly ylalaşyk boýunça onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti habar berdi.
Gepleşiklere Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankynyň, Adalat ministrliginiň we Ýokary kazyýetiniň, şeýle hem ÝMGB-niň Merkezi Aziýa boýunça Daşkentdäki sebit wekilhanasynyň we baş edarasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝMGB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça dialogy we işleri dowam etdirdiler.
Mundan ozal, ÝMGB-niň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Kýueni “Trend” agentligine beren interwýusynda Türkmenistan bilen Çarçuwaly ylalaşygyň baglaşylmagynyň bankyň ýurtda işjeň işine başlamagy üçin esasy şertleriň biridigini aýtdy.
Ýewropa maýa goýum banky (ÝMGB) — 1958-nji ýylda Lýuksemburgda döredilen Ýewropa Bileleşiginiň esasy döwlet karz edarasydyr. Bank infrastruktura, ekologiýa, energetika we sanlylaşdyrma ugurlarynda ösüşe gönükdirilen taslamalary maliýeleşdirýär.

















