14-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ulanyşdan galan plastik, kagyz, polietilen, rezin, agaç serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de şolardan önümleri öndürmek boýunça kiçi önümçilikleri ýola goýandyklary barada hasabat berdi. Bu işleri dowam edip, ýurdumyzyň welaýatlarynda zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işleýän önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak maksat edinilýär.
Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde bir ýylda 500 müň tonna golaý zibilleri we galyndylary gaýtadan işlemäge mümkinçilik döräp, munuň özi daşky gurşawyň goralmagyna goşant bolar. Taslamalary hususy taraplaryň maýa goýumlarynyň we karz serişdeleriniň hasabyna iki ýylyň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçileriň tekliplerini goldap, galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň we ikilenji çig maldan önümleri öndürmegiň uzak möhletleýin geljekde “ýaşyl” ykdysadyýet üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Bu ulgama maýa goýulmagy ony girdejili işewürlige öwrüp biler.
“Türkmenistan: Altyn asyr”