Daşoguz welaýatynyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän S.Türkmenbaşy etrabynda keramiki-bezeg kerpiçlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Ýerli gurluşyk önümçiliginiň nobatdaky düzüm bölegi bolan şeýle kärhananyň bu etrapda gurulmagy Aýböwür ýaýlasynda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde amatly şertleri döredýär. Bu kärhanada keramiki-bezeg kerpijiniň ýylda 2 million sanysy öndüriler. Onuň önümçiliginiň möçberi çetki etrapda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary ýerli önüm bilen üpjün etmäge doly mümkinçilik berer.
Çarşenbe güni açylan bu kärhana önümçilik ulgamlarynyň ençemesinden ybaratdyr. Onuň umumy meýdanynyň bir böleginde bu ýerde işleýän işçiler üçin zerur durmuş hajatlary hem oňaýly şertler döredilen ulgamlar ýerleşýär. Önümçiliginde esasan ýerli çig mal ulanylýan täze kärhananyň gurluşygyny “Dag merjeni” hususy kärhanasynyň işçi hünärmenleri alyp bardylar.
Utgaşykly hem-de yzygiderli dowam edýän önümçiligiň ähli ulgamlaryna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän enjamlar ornaşdyryldy. Başgaça aýdylanda, bu ýerde ähli işler awtomatik usulda alnyp barylýar. Bu bolsa, önümçiligiň möçberini artdyrmaga, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär. Täze kärhananyň keramiki bezeg kerpiji dürli desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly binalaryň gurluşyk işlerinde iňňän zerurdyr.