Täze kärhanada 40 müň gapy öndüriler

BT
Täze kärhanada 40 müň gapy öndüriler
Bu ýerde her ýyl dürli görnüşli, ýokary hilli gapynyň 40 müň, aşhana mebelleriniň 12 müň toplumyny öndürmäge mümkinçilik döredildi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 26-njy iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalarynyň senagat zolagynda häzirki zaman önümçiliginiň ýene-de biri açylyp işe girizildi.

“Nurana Türkmen” hojalyk jemgyýetine degişli bolan bu kärhananyň önümçilik bölümlerinde Germaniýa, Awstriýa, Türkiýe ýaly ýurtlarda öndürilen iň kämil enjamlar oturdyldy. Bu enjamlar dünýä talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli mebelleri, şol sanda aşhana mebellerini, ýaşaýyş jaýlar we edara binalary üçin gapylary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhananyň doly güýjünde işe girizilmegi bilen, bu ýerde her ýyl dürli görnüşli, ýokary hilli gapynyň 40 müň, aşhana mebelleriniň 12 müň toplumyny öndürmäge ähli amatlyklar göz öňüne tutulandyr. Bu ýerde 125 adam üçin iş orny döredildi.

TSTB-niň Ahal welaýat bölüminiň başlygy Ýusup Gylyçdurdyýewiň aýtmagyna görä, senagat, gurluşyk, oba hojalyk, azyk, söwda, hyzmat we beýleki ugurlar boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çäginde 46 sany maldarçylyk toplumy, 48 sany guşçulyk toplumy, 11 sany balykçylyk hojalygy, döwrebap tehnologiýaly 115 sany ýyladyşhana döredilýär.

Welaýatyň telekeçileri tarapyndan 9 müň 800 gektardan gowrak meýdanda miweli baglaryň we üzümiň nahalynyň 6 milliona golaýy oturdyldy. Ak bugdaý et­rabynyň çägindäki senagat zolagynda telekeçilere degişli önümçilikleriň 152­-si hereket edýär.

2022