Ýewropa Geňeşi Brýusselde geçirilen gepleşikleriň netijesinde Ýewropa Komissiýasynyň nobatdaky prezidentligine Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula won der Leýeni hödürledi.
Won der Leýen komissiýany dolandyrjak ilkinji zenan bolar.
Onuň ýany bilen Ýewropa Geňeşiniň başlygy wezipesine dalaşgär hökmünde Belgiýanyň Premýer-ministri Şarl Mişel, Ýewropa Bileleşiginiň halkara gatnaşyklar boýunça jogapkäri wezipesine bolsa Ispaniýanyň Daşary işler, Ýewropa Bileleşigi we hyzmatdaşlyk ministri Žozep Borrel görkezildi.
ÝB-niň liderleri Halkara pul gaznasynyň häzirki direktory Kristin Lagardy Ýewropa Merkezi bankynyň başlygy wezipesine bellemek boýunça hem ylalaşyga geldiler.
Şarl Mişel öňümizdäki noýabr aýynda wezipesine girişer. Beýleki dalaşgärler bolsa, ilki bilen Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmaly.