Kofe öndürijiler öňümizdäki hepde Braziliýada duşuşýar

Kofe öndürijiler öňümizdäki hepde Braziliýada duşuşýar
Birinji Dünýä Kofe öndürijiler forumy Kolombiýanyň Medellin şäherinde geçirildi.

Ilkinji gezek 2017-nji ýylda Kolombiýanyň Medellin şäherinde geçirilen Dünýä Kofe öndürijiler forumynyň ikinjisi iýul aýynyň 10-11-i aralygynda Braziliýanyň Kampinas şäherinde geçiriler.

Dünýäde 25 milliondan gowrak kofe ýetişdiriji hojalyklaryň girdejilerini ýokarlandyrmak, ekologiýa bagly täzelikler, kofe bazarynda durnuklylyk ýaly meseleler forumda gozgalar. 

Forumyň gurnaýjylaryndan Wanusia Nogueýranyň “Reuters” habar agentligine beren beýanatynda, “Birinji forumda biziň esasy maksadymyz kofe öndürijilerini bir ýere jemlejek platforma gurnamakdy. Dünýäde kofe bahalary arzanlaýar. Şeýlelikde, öňümizdäki forumda kofe ýetişdirijileriniň girdejilerini artdyrmak meselelerini maslahatlaşarys” diýdi.

Halkara kofe guramasynyň 2019-njy ýylyň iýun aýyndaky hasabatyna görä, dünýä boýunça maý aýynda eksport edilen kofäniň mukdary 2018-nji ýylyň maý aýyndaky görkezijisinden 19% ýokarlandy.

Iki gün dowam etjek forumda 18-den gowrak bilermen çykyş eder. Olaryň arasynda meşhur “Illy” kofesiniň öndürijileri, “Nespresso” kompaniýasynyň menejeri, Kolumbiýa uniwersitetiniň Durnukly ösüş merkeziniň direktory bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022