Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu döwürde önümçilik meýilnamasy 112,7 göterim ýerine ýetirildi.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş depgini 153 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleri öndürmekde 153 göterim ösüş gazanyldy, şunda tehniki ýod öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim berjaý edildi.
Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça önümler öndürmek we hyzmatlar boýunça ösüş depgini 109,3 göterim derejä ýetirildi.
Bu görkeziji “Türkmensenagat” agentliginde 109,3 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentliginde 124,2 göterime, “Türkmendemirýollary” agentliginde 100,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentliginde 109,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde 173,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde 106,5 göterime deň boldy.
Döwlet Baştutanymyz Mikroelektronika taslamalar merkezlerini ösdürmek üçin şertleri döretmek boýunça çäreler toplumynyň, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen bilelikde kooperasiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde işlemek gerekdigini belledi. Şeýle hem Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň (THDP) doly güýjünde işlemegini üpjün etmek maksady bilen gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi hem-de ulag-logistika merkezlerini döretmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.