Daşary ýurtlarda türkmen Söwda öýlerini köpeltmegiň zerurlygy bellenildi

Daşary ýurtlarda türkmen Söwda öýlerini köpeltmegiň zerurlygy bellenildi
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Söwda öýleriniň sanyny köpeltmegiň zerurdygy bellendi.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow söwda ulgamyny hem-de ykdysadyýetimiziň hususy bölegini ösdürmek boýunça 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýylyň birinji ýarymynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 19,9 göterim, şunda bölek satuw haryt dolanyşygy 15,3 göterim, lomaý haryt dolanyşygy bolsa 23,5 göterim artdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça degişli döwürde birža söwdalarynyň 124-si geçirilip, şonda şertnamalaryň 15 müň 227-si hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hyzmat işlerinden alnan serişdeleriň mukdary 24,5 göterim köpeldi. Hasabat döwründe sergileriň 7-si guraldy we maslahatlaryň 11-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça öndürilen önümleriň möçberi 5,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 6 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýarym ýylda ýurdumyza import edilen harytlaryň möçberiniň 19 göterim azalandygyny, eksport edilen önümleriň möçberiniň bolsa 12 göterim köpelendigini belledi. Şeýle hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek işleriniň guralyşy erbet däldigini aýdyp, heniz bizde bu ugurda peýdalanylmaýan mümkinçilikler hem köp diýip nygtady.

Amatly ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin örän gowy şertler bar diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de G.Myradowa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara söwda ulgamynda beýleki döwletleriň iň gowy tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmegiň, şeýle hem beýleki ýurtlarda Türkmenistanyň Söwda öýleriniň sanyny köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

2022