Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Pakistan böleginiň gurluşygyna oktýabr aýynda Çaman şäherinde badalga berler. Bu barada Pakistanyň Milli Assambleýasynyň Energiýa komitetiniň 2-nji iýulda geçirilen ýygnagynyň metbugat beýanatynda habar berildi.
Ýygnakda çykyş eden Pakistanyň Energiýa ministrliginiň wekili TOPH taslamasynyň amala aşmagy bilen ýurtda gaz üpjünçiliginiň ýokarlanjakdygyny beýan etdi.
Mart aýynyň 12-ne Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Yslamabat şäherinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny kabul edýän Pakistanyň hökümeti bilen ylalaşyga gol çekipdi.
TOPH gaz geçirijisiniň Pakistan bölegi bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň we Pakistanyň wekiliýetleri awgust aýynda duşuşarlar.
2015-nji ýylyň dekabr aýynda Mary welaýatynda badalga berlen TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň fewral aýynda başlandy.
Umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa tarap akdyrmaga mümkinçilik berer.