ÝHHG internet žurnalistleri üçin okuw seminaryny geçirýär

ÝHHG internet žurnalistleri üçin okuw seminaryny geçirýär
Okuw türgenleşiginiň açylyşyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky ilçisi Natalýa Drozd hem gatnaşdy.

Çarşenbe güni “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky wekilhanasynyň gurnamagynda internet metbugatynyň wekilleriniň başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen üç günlük okuw-türgenleşigi öz işine başlady.

Bu okuw-türgenleşigi “Jemgyýet bilen aragatnaşyk saklaýan döwlet edaralarynyň hünärmenleriniň we žurnalistleriniň professional mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge goldaw bermek” taslamasynyň çäklerinde geçirilip, oňa ýerli habar beriş serişdeleriniň habarçylary, şeýle hem halkara metbugatynyň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşýarlar.

Okuw-maslahatynyň dowamynda “Silamedia”-nyň ýolbaşçysy Oksana Silantýewa gatnaşyjylara internet žurnalistikasynda multimediýa önümlerini ulanmagyň usullary barada aýdyp berdi. Russiýa Federasiýasynyň ilkinji multimediýa žurnalistleriniň biri bolan hünärmen sanly metbugatyň soňky gazananlary bilen diňleýjileri tanyşdyrdy.

Polşanyň ilkinji onlaýn maglumat platformasynyň düýbüni tutan Wadim Makarenko okuw-türgenleşiginde maglumaty internet metbugatynda ulanmak bilen bagly tejribelerini paýlaşdy.

Okuw türgenleşiginiň açylyşyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky ilçisi Natalýa Drozd hem gatnaşdy.

Okuw-maslahaty iýul aýynyň 12-ne çenli dowam eder.

2022