Ahal welaýatynyň gowaça meýdanlarynda agrotehniki çäreler geçirilýär. Meýdanlarda ekini azotly dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak bilen birlikde, hatarara bejergileri geçirmek işleri degişli talaplara laýyklykda alnyp barylýar.
120 müň gektar gowaça meýdandan bol hasyl ýetişdirmegi maksat edinýän daýhanlar häzirki wagtda üçünji we dördünji hatarara bejergi işlerini öz wagtynda geçirmekde zähmet çekýärler. Bu işde welaýat boýunça kultiwatorlaryň 1017-siniň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar.
Welaýatyň Gökdepe etrabynyň “Gökdepe”, Kaka etrabynyň “Parahat” daýhan birleşikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda “John Deere 6195M” kysymly sanly telematik ulgam ornaşdyrylan köpugurly häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary synag edilýär.
Şu günler ady agzalan hojalyklarda sekiz hatar köpugurly bejergi kultiwatorly tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar.
“John Deere 6195M” kysymly sanly telematik ulgam ornaşdyrylan köpugurly traktorlaryň topragy gowaça ekişine taýýarlamak, ekiş geçirmek işlerinde hem ulanylanýar. “John Deere International GmbH” kompaniýasynyň önümi bolan bu tehnikalar oba hojalyk pudagynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatyndan ähmiýetlidir.