Maryda 200 müň tonnadan gowrak gant şugundyry ýetişdiriler

BT
Maryda 200 müň tonnadan gowrak gant şugundyry ýetişdiriler
Gant şugundyry oktýabr aýynda ýygnap başlanar.

Mary welaýatyň kärendeçileri şu ýyl 14,900 gektara gant şugundyryny ekip, 200 müň tonnadan gowrak hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Häzirki wagtda kärendeçiler gant şugundyrynyň ekişini soňky gektarlarda dowam etdirýärler.

Gant şugundyryny ekmek işleri welaýatyň 10 etrabynda ýola goýuldy. Irki ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş gazanyldy. Gant şugundyrynyň ekişi esasan, galla hasylyndan boşan ýerlerde dowam edýär.

10-njy maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna "Türkmenistanda 2019-njy ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda" Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, Balkan we Mary welaýatlarynda 17 müň 900 gektar meýdanda güýzlük gant şugundyryny ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Gant şugundyry oktýabr aýynda ýygnalyp başlanar we ýygym ýazda gowaça hem-de gök ekarançylyk-bakjaçylyk ekinleriniň ekiş möwsümine çenli dowam eder. Sowuga çydamly bolan bu ekin toprakda gyş aýlary hem saklanyp bilýär.

2022