DIM-de türkmen-eýran strategiki hyzmatdaşlygy nygtaldy

DIM-de türkmen-eýran strategiki hyzmatdaşlygy nygtaldy
Myhman Türkmenistanyň we Eýranyň strategiki hyzmatdaşlar bolup durýandyklaryny nygtady.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde (DIM) Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň energetika baradaky komissiýasynyň agzasy, eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Kuroş Karam Pur Hagygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

DIM-iň resmi saýtynda habar berilmegine görä, taraplar parlamentara gatnaşyklary, energetika, ulag, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Eýranyň strategiki hyzmatdaşlar bolup durýandyklaryny nygtan myhman, sebitleýin energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde hem-de parahatçylygyň saklanylmagynda Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny belläp geçdi.

Şeýle hem myhman Eýranyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldaýandygyny we onuň bitaraplyk derejesiniň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy hakynda nygtadylar.

GFR-nyň ilçisi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi

Şeýle hem sişenbe güni DIM-de özüniň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Margret Ýubber bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy hanym Ýubbere türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda nemes diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtady.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer özara hereketleriniň mundan beýläk hem giňeldilmegi bilen birlikde, derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german Iş toparynyň netijeli işiniň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdiler.

2022