Magtymguly şäherindäki fabrikde 12,870 jübüt aýakgap öndürildi

Magtymguly şäherindäki fabrikde 12,870 jübüt aýakgap öndürildi
Aýakgap fabriginde ýanwar-iýun aýlarynda aýakgap jübütleriniň 12 müň 870 sanysy taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli Balkan welaýatynyň Magtymguly şäherinde ýerleşýän Tikin we aýakgap fabrikler toplumy ýylyň birinji alty aýynda meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi. Fabrikler toplumynda ýylyň birinji ýarymynda 7 million 984 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu görkeziji bellenen meýilnamanyň 190 göterim ýerine ýetirilendiginden habar berýär.

Fabrikler toplumynyň aýakgap fabriginde ýanwar-iýun aýlarynda aýakgap jübütleriniň 12 müň 870 sanysy taýýarlanyldy. Tikin fabriginiň tikinçi gelin-gyzlary tikin we trikotaž önümleriniň 254 müň 133-sini taýýarladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew 5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren hasabatynda üstümizdäki ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynda ösüş depgini 153 göterime deň bolandygyny belläp geçdi.