TAT demir ýolunyň täjik bölegine maýa goýum goýberiler

TAT demir ýolunyň täjik bölegine maýa goýum goýberiler
Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýoly 2016-njy ýylyň noýabr aýynda açyldy.

Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan (TAT) demir ýolunyň Täjigistan böleginiň gurluşygynyň tehniki we maliýeleşdirmek taslamasy üstümizdäki ýylyň soňuna çenli tamamlanar.

Täjigistanyň habar agentligi “Awesta”-nyň maglumat bermegine görä, Täjigistanyň Transport ministriniň orunbasary Suhrob Mirzozoda metbugat ýygnagynda, “Şu ýyl taslamanyň täjik tarapyny amala aşyrmak boýunça maýa goýum goyberiler. Ilki bilen Täjigistan – Owganystan – Türkmenistan demir ýolunyň täjik bölüminiň tehniki we maliýeleşdirmek taslamasy çykarylar. Bu taslama ýylyň soňuna çenli taýýarlanar” diýdi.

Mirzozoda, TAT demir ýolunyň täjik böleginiň Jaloliddin Balhi we Pýanj etraplaryndan geçip Owganystanyň Kunduz şäherine birikjekdigini belläp geçdi. Bellenen ugruň geçen ýylyň dekabrynda täjik hökümeti tarapyndan tassyklanandygyny aýdan Mirzozoda ýakyn wagtda owgan tarapy bilen hem gerekli bolan ylalaşyga baryljakdygyny beýan etdi.

TAT demir ýoluny gurmak boýunça 2013-nji ýylyň mart aýynda üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda memoranduma gol çekildi. Şol ýylyň 5-nji iýunynda gurluşygyna başlanan demir ýolunyň birinji tapgyry bolan Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýoly 2016-njy ýylyň noýabr aýynda açyldy.

TAT demir ýoluny gurmak boýunça 2013-nji ýylyň mart aýynda üç ýurduň döwlet Ýolbaşçylarynyň arasynda memoranduma gol çekildi. Şol ýylyň 5-nji iýunynda gurluşygyna başlanan demir ýolunyň birinji tapgyry bolan Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýoly 2016-njy ýylyň noýabr aýynda açyldy.