Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet çarşenbe güni Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça (UN-OHRLLS) Ýokary wekili hanym Fekitamoeloa Utoikamana bilen duşuşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, duşuşykda Türkmenistanyň BMG-niň meýdançasynda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmeginiň meseleleriniň ilerledilmegindäki başlangyçlarynyň ähmiýeti, şeýle hem dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň durnukly daşalmagynyň üpjün edilmegi ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi.
Deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara ulag özarahereketleriniň ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen türkmen tarapy UN-OHRLLS tarapyndan geçirilýän forumlara mundan beýläk hem işjeň gatnaşmaga taýýarlygyny mälim etdi.
Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkdaky saparynyň çäklerinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKAP) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana bilen hem duşuşdy.
ESKAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ulgamynda, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça iş ýüzündäki amallaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.