“Lebap” sement zawody eksporty ýokarlandyrýar

“Lebap” sement zawody eksporty ýokarlandyrýar
Kärhanada önümiň isleg bildirilýän, esasan, ýokary gatylykly portland sement, berçinleýji sement we sulfata durnukly sement ýaly görnüşleri öndürilýär.

“Lebap” sement zawody önümi eksport etmegiň möçberlerini barha artdyrýar. Geçen ýylda daşary ýurt bazarlaryna çykarylan önüm jemi öndürilen gurluşyk materialynyň üçden bir böleginden gowrak möçberde boldy. Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda bolsa, bu görkeziji 45 göterime golaýlady we munuň özi önümiň ýokary hillidigini tassyklaýar.

Eksportyň esasy bölegi goňşy Özbegistan döwletine ugradylýar. Bu doganlyk ýurda önüm tabşyrmak logistik talaplaryna laýyk amala aşyrylýar. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän bu zawoddan önüm äkitmek işi Termez we Garşy ugry boýunça hereket gidýän demir ýoluň Kelif menziliniň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Özbegistanyň beýleki bir şäheri Buhara ugry üçin bolsa, awtoulaglardan peýdalanylýar.

Şeýle hem goňşy Owganystan döwletine Kerki-Ymamnazar-Akina polat ýoly boýunça sement ugradylýar.

Döwrebap kärhananyň welaýatyň günortasynda, zerur bolan gips, kwars tozy we palçygy ýaly gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý känlere golaý bolan Köýtendag etrabynda ýerleşýändigini bellemelidiris. Bu iri senagat kärhanasy mundan 6 ýyl öň dabaraly ýagdaýda açyldy.

Zawodyň eýeleýän meýdany 60 gektardan ybarat bolup, onuň çäginde bölüm binalary, ammarlar we dürli infrastruktura desgalary ýerleşýär. Dolandyryş we gözegçilik işleri ýeke-täk kompýuter ulgamy arkaly ähli maglumatlaryň berilýän nokady bolan merkezden ýerine ýetirilýär.

Sementiň hili himiki we spektral analizleri, fiziki-tehnologik gözlegleri geçirmek üçin döwrebap enjamlaşdyrylan 3 sany ýöriteleşdirilen laboratoriýada barlanylýar.

Kärhanada ýokary gatylykly portland sement, şeýle hem nebit-gaz çykaryjy pudaklar üçin niýetlenen berçinleýji sement we gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly sement öndürilýär.