Russiýada türkmen we rus wekilleri logistika hyzmatdaşlygy boýunça gepleşik geçirdiler

Russiýada türkmen we rus wekilleri logistika hyzmatdaşlygy boýunça gepleşik geçirdiler
Duşuşykda Türkmenbaşy we Mahaçkalanyň arasynda parom gatnawyny ýola goýmagyň meselesine hem seredildi.

Duşenbe güni Moskwa şäherinde Russiýanyň Transport ministrliginde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy, bu barada RF-niň Transport ministrliginiň metbugat gullugynda habar berilýär.

Duşuşyga ulag edaralarynyň, rus we türkmen portlarynyň, logistika we lizing kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň söwda wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde logistika kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy, Hazar sebitinde iki ýurduň infrastrukturasyny ulanyp, ikitaraplaýyn we tranzit ýük daşamagy artdyrmak boýunça şertleri döretmek bilen bagly gepleşikler geçirildi.

Mundan başga-da, duşuşykda Türkmenbaşy we Mahaçkalanyň arasynda parom gatnawyny ýola goýmagyň meselesine hem seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar deňiz gatnaşyklarynyň, esasan hem, parom, demir ýol we geljekde awtoulag ýollarynyň dikeldilmegi we ösdürilmegi boýunça anyk çözgütleri kabul etdiler.

2022