“Dury çeşme” täze içgilerini ýerli bazara paýlamaga başlady

BT
“Dury çeşme” täze içgilerini ýerli bazara paýlamaga başlady
Gök çaý, şetdaly tagamly gara çaý, tokaý miweleri tagamly “Şanly” gazlandyrylan içgisi “Dury çeşmäniň” täze önümleriniň hatarynda.

Gökdepe etrabynda “Dury çeşme” haryt nyşany bilen agyz suw önümçiligini alyp barýan suw kärhanasy täze önümleriniň üçüsini ýerli bazara ýaýradyp başlady. Gök çaý, şetdaly tagamly gara çaý, şeýle hem tokaý miweleri tagamly “Şanly” gazlandyrylan içgisi “Dury çeşmäniň” täze önümleriniň hatarynda.

Kärhananyň dolandyryjysy Gurbanmuhammet Nuryýew “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda esasy maksatlarynyň ýokary hilli önüm çykarmakdygyny aýtdy.

Gurbanmuhammet Nuryýew, “Bazarda tanalmak we talap edilýän önüm derejesini gazanmak üçin esasy zat önümiň hili bolup durýar. Üç görnüş çykarmakdaky esasy maksadymyz önümlerimiziň hiline has köp üns bermek boldy” diýip, ýerli bazardaky bäsdeş önümleriniň arasyndan saýlanmak ugrunda alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Täze önümlerini çykaranlarynda eksport mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutandyklaryny bellän G.Nuryýew: "Sowuk çaýlarymyza bazardaky meňzeş önümlerde bolmaýan aýratynlyk getirdik. Gazlandyrylan içgilerimizde bolsa, has köp isleg bildirilýän tokaý miweleri tagamyny saýlap aldyk. Täze önümlerimizi çykaranymyzda daşary ýurt bazarlaryny, esasan hem, goňşy ýurtlara eksport etmegi göz öňünde tutduk. Häzirki wagtda welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki paýlaýjylarymyz bilen işleşip başladyk" diýdi.

Telekeçilik işine 2011-nji ýylda başlan “Dury çeşme” haryt nyşanynyň ilkinji önümleri 1.5 litrlik gaplara gaplanan gazlandyrylan içgiler boldy. Arassa suw çykarmaga bolan ygtyýarnamasyny 2017-nji ýylda alan kärhana 19 litrlik agyz suwlaryny Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde isleg bildiren müşderilerine paýlaýar.

G.Nuryýew söhbetdeşligiň dowamynda arassa agyz suwuny Owganystana we Özbegistana eksport etmek boýunça gepleşikler geçirýändiklerini belläp geçdi.

2022