Maldarçylyk hojalygynda gyşa taýynlyk başlandy

Maldarçylyk hojalygynda gyşa taýynlyk başlandy
Hojalygyň hasabynda 89 sany dowar, 22 sany düýe sürüsi bolup, olar Garagumyň Ataguýy, Çaýyrly, Yslam, Dawaly, Gündogar sözenli we beýleki öri meýdanlarynda bakylýar.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän “Dowardarçylyk” maldarçylyk hojalygynda 60 müňe golaý dowara, 1800-den gowrak düýä ideg edilýär.

Maldarçylyk hojalygynyň baş zootehnigi Parahat Paşowyň aýtmagyna görä, hojalygyň hasabynda 89 sany dowar, 22 sany düýe sürüsi bolup, olar Garagumyň Ataguýy, Çaýyrly, Yslam, Dawaly, Gündogar sözenli we beýleki öri meýdanlarynda bakylýar.

“Şu ýyl hojalygymyzyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirip, ulu üstünlige eýe boldular,” diýen Parahat Paşow dowardarçylyk we düýedarçylyk bölümleriniň goşandynyň uludygyny belläp geçdi.

Maldarçylyk hojalygyna bölünip berlen ýerlerde ýorunja, mekgejöwen we jöwen ýaly ot-iýmlik ekinleri ýetişdirýändiklerini bellän P.Paşow: “Häzirki günlerde biziň esasy aladalarymyzyň biri mallara gyş döwri üçin ätiýaçlyk ot taýýarlamakdan ybarat. Şu möwsümde biz meýilnama boýunça 3,082 tonna ätiýaçlyk ot taýýarlamaly,” diýdi.

Baş zootehnik golaýlap gelen seçim möwsümi barada hem gürrüň berdi. P.Paşow, şu ýyl doglan owlak-guzulary saýlap, olardan özbäşdak süri döretmekden ybarat bolan bu döwürde 16 sany täze süri döretmegi göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022