Saud Arabystany nebit ulanylyşyny azaltmak maksady bilen ýakyn gündogardaky iň uly ýel turbinalaryny gurmagy meýilleşdirýär. 2022-nji ýylyň birinji ýarymyndan işläp başlamagyna garaşylýan “Dumat Al Jandal” atly bu ýel turbinalarynyň kuwwaty 400 megawatt bolar.
Abu-Dabiniň “Masdar” kompaniýasynyň metbugat beýanatyna görä, “EDF Renewables” we “Masdar” kompaniýalarynyň bilelikdäki konsorsiumy saudy we halkara banklary bilen “Dumat Al Jandal” ýel turbinalarynyň maliýeleşdirmek işini tamamlady.
Saud Arabystanynyň Energiýa, senagat we mineral resurslar ministrliginiň Gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalaryny ösdürmek edarasy 2017-nji ýylyň awgust aýynda ýel turbinalaryny gurmak boýunça tender yglan edipdi. Munuň netijesinde, üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda “EDF Renewables” we “Masdar” kompaniýalarynyň bilelikdäki konsoriumynyň tenderiň ýeňijisi boldy.
Beýanata görä “Masdar” kompaniýasynyň dolandyryjysy Mohamed Jamel Al Ramahi ýel turbinasy taslamasy bilen bagly şeýle diýdi:
– Ýanwar aýynda geçirilen Abu Dabi durnuklylyk hepdesiniň çäklerinde Saud Arabystanyndaky ilkinji we ýakyn gündogardaky iň uly ýel turbinalaryny gurmak işiniň bize tabşyrylmagy kompaniýamyz we hyzmatdaşlarymyz üçin ähmiýetli mümkinçilik bolup durýar. Bu taslama Saud Arabystanynyň 2024-nji ýyla çenli umumy ulanylýan energiýa çeşmeleriniň arasynda günden we ýelden alynýan elektrik energiýasynyň mukdaryny 27.3 gigawata ýetirmek meýilnamasyny durmuşa geçirmekdäki tutanýerliligini görkezýär.
“Dumat Al Jandal” ýel turbinalary Riýad şäheriniň 896 kilometr demirgazygynda ýerleşer.