“Aýly ýaz” önümlerini eksport etmäge başlar

“Aýly ýaz” önümlerini eksport etmäge başlar

Iýul aýy azyk senagaty pudagynda möhüm möwsüm hasaplanylýar. Bu ugurda zähmet çekýän, has takygy, gök we bakja önümleri gaýtadan işleýän telekeçiler şu günler daýhanlaryň türkmen topragynda kemala getiren bol hasylyny gaýtadan işlemäge girişdiler.

Daşoguz şäherindäki “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetinde hem pomidor goýaltmasy, şiresi, marinada ýatyrylan pomidor, sarymsak, ajy burç, marinada ýatyrylan işdäaçarlar, duzlanan kelem, ajy we süýji üwmeçler, şeýle hem gawun, kädi mürepbeleri we başga-da dürli görnüşli mürepbeler öndürilýär. Kärhananyň ýylda 5 million şertli banka öndürmäge mümkinçiligi bar.

Taýýar önümler ýurdumyzda öndürilýän çüýşe gaplara gaplanylýar. 2014-nji ýyldan bäri hereket edýän “Aýly ýaz” kärhanasynyň önümleriniň alyjylary içerki bazarda barha artýar. Ýakyn geljekde önümleri Owganystana eksport etmek göz öňünde tutulýar.

2022