“Täze gün” şiresiniň ýedi dürlüsi öndürilýär

“Täze gün” şiresiniň ýedi dürlüsi öndürilýär

Mary şäheriniň Gökje ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Täze gün” hususy kärhanasy ilkinji “Başlamak” düwmesine şu ýyl basdy. Şeýlelikde, kärhananyň işe başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, kärhananyň hünärmenleriniň dürli miwe şirelerini öndürmekde önjeýli işleýändiklerini aýtmak mümkin.

Kärhanada Ýewropanyň iň kämil enjamlaryna ussatlyk bilen erk edýän hünärmenleriň 30-dan gowragy zähmet çekýär. Bu täze kärhanada ýylda 8 million litr miwe şiresini öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ol ýerde “Täze gün” haryt nyşanly miwe şireleriniň 7 görnüşi öndürilýär.

Welaýatyň bazarlarynda “Täze gün”-üň önümlerine isleg ýokary. Kärhananyň işgärleri miwe şireleriniň daşarky bazarlardan getirilýän önümlerden pes bolmazlygy ugrunda çalyşýarlar. Bu bolsa önümleriň diňe bir welaýatyň çäginde däl, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem uly islege eýe boljakdygyndan habar berýär. Şonuň ýaly hem önümleri daşarky bazarlara ugratmak maksat edinilýär.