“Näzli” miwe şerbetleri adygýar

“Näzli” miwe şerbetleri adygýar
“Näzli” miwe şireleriniň ekologiýa taýdan arassa we bahalarynyň elýeterli bolmagy müşderileriniň artmagyna getirýär.

Miwe şirelerini öndürýän hususy kärhanalaryň biri bolan “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýetiniň önümhanasy Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde ýerleşýär. Bu ýerde dürli miweleriň: şetdalynyň, üljäniň, pyrtykalyň, erigiň, almanyň we naryň konsentrirlenen şiresinden dikeldilen miwe şireleri bir litrlik gaplara gaplanyp, welaýatyň hem-de ýurdumyzyň söwda nokatlaryna iberilýär.

Hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän “Näzli” haryt nyşanly miwe şireleriniň ekologiýa taýdan arassa hem-de bahalarynyň elýeterli bolmagy onuň müşderileriniň sanynyň artmagyna getirýär. Ananas, kiwi, limon ýaly miweleriň konsentratlarynyň garyşyk goşulmagy önümiň tagamyny has-da üýtgeşik edýär we bazarda talabyň ýokarlanmagyna getirýär.

Hojalyk jemgyýeti ýörite buýurmalar esasynda hem iş alyp barýar. Häzirki gün maşgala baýramçylyklarynda, toý-baýramly günlerde welaýatyň dürli künjeklerinden “Näzli” miwe şirelerine buýurmalar gelýär.

Bazardaky iň meşhur miwe suwlarynyň arasynda ýerini tapan “Näzli” “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýetiniň irki önümlerinden biri bolup durýar. Häzirki wagtda bu hojalyk jemgyýeti "Näzli", "Hoşal", "Ýedigen" we "Buzz" haryt nyşanly içgilerini alyjylara hödürleýär.

2022