“Gönezlik” süýt önümleriniň 30-a golaý görnüşi öndürilýär

“Gönezlik” süýt önümleriniň 30-a golaý görnüşi öndürilýär

“Gönezlik” haryt nyşanly süýt we süýt önümleri “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan öndürilýär. Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Tejen etrabynyň Seleňli geňeşliginden bölünip berlen 600 gektar meýdanyň 9 gektarynda döwrebap maldarçylyk toplumyny gurdy.

Iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan toplumda iri şahly mallaryň ýüzlerçesi idedilýär. Mallara zooweterinariýanyň ýokary talaplaryna laýyklykda ideg edilmegi, ot-iým bazasynyň ýeterlik mukdarda bolmagy et we süýt önümçiliginiň has-da ýokarlanmagyna getirýär.

Mallaryň ot-iým bilen üpjünçiligi babatda hojalyk jemgyýetinde irgözinden alada edildi. Ýagny 591 gektar meýdana ot-iýmlik ekinler ekildi. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda merkezlerinde “Gönezlik” haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň 30-a golaý görnüşi halkymyza elýeterli bahalardan hödürlenýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýeti 2013-nji ýyldan bäri hereket edyär.