“Sony” köýnegiň aşagyndan geýilýän sowadyjy öndürdi

“Sony” köýnegiň aşagyndan geýilýän sowadyjy öndürdi
“Reon Pocket” enjamy islendik köýnekçä gabat gelenok. “Sony” kompaniýasy täze “sowadyjysy” üçin niýetlenen ýörite içki köýnekçäni işläp taýýarlady.

“Sony” kompaniýasy bedeniň gyzgynlyk derejesini sazlaýan “Reon Pocket” atly täze enjamyny köpçülige hödürlemäge taýynlanýar. Bu enjam içki köýnekçä ýerleşdirilip, yssy günler bedeniňi salkyn saklamaga, sowuk günler bolsa ýylylyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýöne “Reon Pocket” enjamy islendik köýnekçä gabat gelenok. “Sony” kompaniýasy täze “sowadyjysy” üçin niýetlenen ýörite içki köýnekçäni işläp taýýarlady. Bu köýnekçäniň ýeňse tarapynda enjam üçin niýetlenen ýörite jübi ýerleşdirildi.

Gündelik eginbaşyň aşagyndan 85 gramlyk “Reon Pocket” enjamy ýerleşdirilen içki köýnekçäni geýmek arkaly bedeniň gyzgynlyk derejesini tomus günleri 13 dereje düşürip, gyş günlerinde bolsa 8 dereje ýokarlandyryp bolýar. Kompaniýanyň taýýarlan ýörite applikasiýa “Reon Pocket”-iň derejesini telefondan sazlamaga mümkinçilik berýär.

“First Flight” köpçülikleýin maliýeleşdirmek saýty müşderilere hödürlenen täze enjamyň bahasy 117 amerikan dollaryndan başlaýar. Häzirki wagtda diňe Ýaponiýanyň içinde satylýan “Reon Pocket” enjamyny sargyt etmek isleýän daşary ýurtlylar bolsa, 2020-nji ýyla çenli garaşmaly bolar.

Kompaniýanyň öz saýtynda ýerleşdiren mahabat suratlaryna seredeniňde täze enjamyň, esasan, penjekdir ýeňli köýnekleri geýýänlere niýetlenendigini görmek bolýar.