Sişenbe güni Mary şäheriniň adybir myhmanhanasynda açylan sergi goňşy Owganystanyň Hyrat welaýatyndan gelen wekiliýetiň göwnünden turdy.
Myhmanlar Mary topragyna guralan sapardan özlerinde galan täsirlerini beýan etdiler.
Abdulsalam Ataýar, Hyrat welaýatynda belli telekeçi:
– Türkmenistan döwletiniň gadymy we gözel künjekleriniň biri bolan Mary welaýatynda bolmak, türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanmak, ajaýyp myhmanhanada türkmen telekeçileriniň öndürýän dürli önümleriniň sergisine syn etmek işewür hökmünde mende uly täsir galdyrdy. Sergini guramakda zähmet çeken işgärleriň-telekeçileriň azaby ýerine gowşup, sergä hödürlenen azyk, senagat harytlary köpdürlüligi, ýokary hilli, naşyja gaplara gaplanyşy bilen hemmäniň ünsünde boldy. Öz welaýatymyzyň içerki bazarlaryny şu önümlerden doldurmagy maksat edinýäris. Munuň özi welaýatlaryň arasyndaky söwda-telekeçilik gatnaşyklarynyň has-da ösmegine ýardam eder.
Mohommad Tahir Arif, Owganystanyň Günbatar sebiti boýunça energetika müdirliginiň ýolbaşçysy:
– Hyrat welaýaty 50 göterim elektrik energiýasyny Türkmenistandan satyn alýar. Geljekde iki welaýatyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda bu sanyň möçberiniň artdyryljakdygyna bil baglasa bolar. Türkmen elektrik energiýasy Hyratda, gör, näçe ojagy ýagtylandyrýar. Telekeçilik, ykdysady, medeni, sport gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda iki welaýatyň arasynda energetika babatda hem bähbitli gatnaşyklaryň ýol aljakdygy guwandyrýar.
2018-nji ýylyň fewralynda Serhetabat – Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Şol gün Serhetabat menzilinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna ilkinji demir ýol düzümi ugradyldy, ol bäş ýolagçy düzüminden we 50 ýük wagonyndan ybarat boldy. Uzynlygy jemi 13 kilometre barabar bolan demir ýoluň gurluşygy üç aýa golaý wagt dowam etdi.
Şeýle hem ýurdumyz tarapyndan Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde bäbekhana gurlup ulanylmaga berildi.
Söhbetdeşligi “Maru – şahu jahan” gazetiniň
habarçysy Aýjan ABDYÝEWA
“Biznes Türkmenistan” üçin geçirdi.