Türkmen wekiliýeti Stambulda 5-nji Global habarlar forumyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Stambulda 5-nji Global habarlar forumyna gatnaşdy

29-31-nji iýuly aralygynda türkmen wekiliýeti Stambul şäherinde geçirilen Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen Türkiýe Respublikasynyň Döwlet Radio we Telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan gurnalan 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda beýan edilmegine görä, bu foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar.

TRT-nyň Baş direktory Ibrahim Eren “Žurnalistikada ynam we dogruçyllyk” diýen at bilen geçirilýän forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Häzirki wagtda dünýäde media esasy wajyp meseleleriniň biridir. Çünki köpsanly habar beriş çeşmeleri bar, şol sanda sosial medianyň üsti bilen birnäçe habarlar okalýar. Halkara derejede “fake news” diýip atlandyrylýan, ýalan habarlar şu günler örän köp gabat gelýär. Bu bolsa, döwlet habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň jogapkärçiliklerini has hem artdyrýar” diýip belledi.

Şol bir wagtda forumyň çäklerinde halkara we sebitleýin habarlar agentlikleriniň wekilleri täzelikleri ýaýratmakda takyklyk, habarlaryň etikasy, ýaýlyma beriş ulgamynda 5G internet tehnologiýalaryny peýdalanmak boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022