Aziýa ösüş banky Türkmenistana täze direktor belledi

Aziýa ösüş banky Türkmenistana täze direktor belledi
Çang Çing Ýu: “AÖB Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk saklap gelýär”.

Aziýa ösüş banky (AÖB) penşenbe güni Çang Çing Ýuny bankyň Türkmenistandaky direktory wezipesine belledi. AÖB-niň metbugat beýanatyna görä, jenap Ýu bankyň Türkmenistanda alyp barjak işlerine ýolbaşçylyk eder, şeýle hem AÖB-niň 2017-2021-nji ýyllar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň alnyp barylşyna gözegçilik eder.

AÖB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli döwründe Türkmenistana gelmekden hoşaldygyny aýdan Ýu: “AÖB Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk saklap gelýär, şeýle hem döwletiň ösüş ugurlaryna hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde goldaw berýär. Toparym bilen birlikde Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyna, hususyýetçiligiň ösmegine, ýurduň ösüş maksatlaryna ýetmegine goldaw bermegi maksat edýäris” diýip beýanatda belläp geçdi.

AÖB bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy 2000-nji ýylda başlandy. Geçen döwrüň içinde AÖB Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga we sebitleýin baglaryny berkitmäge goldaw berdi. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda AÖB 2019-2021-nji ýyllar boýunça Türkmenistanda alyp barjak işleriniň meýilnamasyny kabul etdi. Bu meýilnama 150 million dollarlyk karz bermegi, şeýle hem ýurduň ulag we üstaşyr geçelgelerine, eksport ugurlaryna we hususyýetçiligi ösdürmegi maksat edinýän taslamalara 690 million dollarlyk maliýe goldawyny bermegi öz içine alýar.

2022