Gazagystanda ýangyna çydamly gurluşyk harytlary öndüriler

Gazagystanda ýangyna çydamly gurluşyk harytlary öndüriler

Gazagystanyň Karaganda welaýatynda ýerleşýän Sarýarka ýörite ykdysady zolagynda ýangyna çydamly gurluşyk harytlarynyň önümçiligine başlanar. “Trend”-iň habar bermegine görä täze önümçilik merkezinde kerpiçler, paneller we bloklar öndüriler.

Karaganda welaýat häkimliginiň metbugat merkeziniň “Trend”-e beren maglumatyna görä, bu taslama “Termo Form” kompaniýasyna degişli bolup, ýylda 1,800 tonna ýangyna çydamly gurluşyk harytlaryny öndürmäge ukyply bolar.

Häzirki wagtda taslamanyň gurluşyk işleri tamamlanyp, önümleri sertifikatlaşdyrmak prosesi dowam edýär. Ýakynda işläp başlajak önümçilik ýeriniň 15 sany täze iş ornuny açmagyna garaşylýar.

Gazagystanyň Prezidentiniň 2011-nji ýyldaky Karary bilen esaslandyrylan Sarýarka ýörite ykdysady zolagynyň esasy ugry metaldan taýýarlanan harytlaryň önümçiligi bolup, 534 gektar ýerde hereket edýär. 

2022