Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde 120-den gowrak “SNP-500/10” we “SNPE-500/10” kysymly suw nasoslarynyň barlag işleri geçirildi. UNDP-niň Türkmenistandaky edarasynyň metbugat beýanatyna görä bu taslama Bütindünýa ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirildi.
Daniýanyň “Grundfos” kompaniýasy tarapyndan alnyp barlan barlag işleriniň dowamynda nasoslaryň sorujy we suw goýberiji turbalaryny ýerleşdirilmek, nasosy işletmek üçin gerekli bolan energiýany dogry ulanmak babatynda maslahat beriş çäreleri gurnaldy.
Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň dürli ýerlerindäki 5 nasosy täzeden gurnamak işleri geçirildi. Olaryň hataryna Murgap etrabynyň “Çäçdepe” daýhan birleşgindäki, Magtymguly etrabynyň “Sumbar-1” daýhan birleşigindäki, Saýat etrabynyň “Ýeňiş-2” daýhan birleşigindäki, Köneürgenç etrabynyň “Hakykat” daýhan birleşigindäki nasoslar, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň golaýyndaky 3-nji nasos girýär.
Täzeden gurnamak işleriniň dowamynda 2.5 esse az elektrik energiýasy ulanýan nasoslar ýerleşdirildi. Daşoguz welaýatynyň çäginde 1.5 km uzaklyga tok çekmek we transformator gurnamak arkaly dizel ýangyjy bilen işleýän nasos elektrik energiýasy bilen işleýän nasosa çalşyldy. Iýul aýynyň soňunda bu 5 nasosyň ählisi hem işlemäge başlady.