Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň çäginde ýerleşýän gazbeton we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawodlar toplumy üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň biridir. “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasyna degişli bolan bu zawodlar toplumynyň şu ýyl işe girizilendigine garamazdan, öz öndürýän ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen uly meşhurlyga eýe boldy.
Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary arkaly öndürilýän önümler sarp edijiiler tarapyndan uly islege eýe bolýar. Önümçilik bölümlerinde ýerine ýetirilýän işlere ýörite kompýuterler arkaly gözegçilik edilmegi bolsa, önümçilik işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna we önümiň hiliniň ýokary bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzda dürli maksatly gurluşyklaryň giň gerime eýe bolýan häzirki döwürde bu zawodlar toplumy gurluşyk senagatynda kuwwatly önümçilikleriň birine öwrülýär. Kärhanada daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Bu önümçiligiň ýyllyk kuwwatynyň 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny, 180 müň kubmetre barabar gazbeton önümlerini öndürmäge ukyply bolmagy onuň ähmiýetiniň örän uludygyny görkezýär.
Häzirki wagtda bu zawodlar toplumynda dürli ölçegdäki gazbeton bloklary, gazbeton bloklary üçin ýelim, keramiki plitalar üçin ýelim, daşky we içki gruntlama şpaklýowkasy, sepleri doňdurýan garyndylar we beýleki gurluşyk önümleriniň köp görnüşi öndürilýär.
Zawodlar toplumynyň önümçiliginde, esasan-da, ýerli çig malyň ulanylmagy önümiň bahasynyň elýeterli, hiliniň ýokary bolmagyna şert döredýär. Bu ýerde öndürilýän gurluşyk önümlerine islegiň barha artmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.