Türkmenistanda Hazar deňzi instituty döredildi

Türkmenistanda Hazar deňzi instituty döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işini bes edip, onuň binýadynda Hazar deňzi institutyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi.

Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň üstüne ýüklendi.

Hazar deňzi institutyny işini bes eden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlendi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda bu institut Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle hem Hazar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilişine syn etmek we Hazar deňzine degişli bolan usulyýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen döredildi.

2022