Türkmenistanyň Prezidenti BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa

Türkmenitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowany kabul etdi. 

Myhmany gyzgyn garşy alyp, döwlet baştutanymyz Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu wajyp çäräniň gün tertibine sebitiň durnukly ösüşi bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. 

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gelejegi hakynda pikir alyşmalar bolup geçdi. Özara hereketiň möhüm ugurlarynyň arasynda ykdysadyýet, söwda, energetika, daşky gurşaw bellenildi.

Türkmenistan BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň býurosynyň agzasydyr. Şuny nazara almak bilen Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag geçelgelerini döretmek mowzugyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda ulag düzümine maýa goýumlary goýmaklyk geosyýasatyň wajyp ýagdaýy, döwletlere we sebitlere uly ykdysady mümkinçilikleri açýan kuwwatly serişde bolup durýandygy bellenildi.

Energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde bellenildi. Bu ugurda BMG-nyň çäklerinde hem giň özara hereketiň tarapdary bolup çykyş etmek bilen Türkmenistan energiýa göterijilerini dünýä bazarlaryna ibermek boýunça köp ugurly ulgamlary döretmek babatynda iri möçberli taslamalaryň başyny başlaýar we daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen olary üstünlikli durmuşa geçirýär. 

Sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, işleriň tertibini kesgitleýän ulgamy döretmek boýunça birnäçe anyk teklipleri öňe sürmek bilen Türkmenistan howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini oýlanyşykly ulanmak we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Gürrüň, hususan-da, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini Aşgabatda açmak hakynda gidýär. 

Şunuň bilen baglylykda BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryny doly goldaýandygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Olga Algaýerowa Türkmenistanyň we BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda özara hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleriniň esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

2022