Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Bolgariýanyň premýer ministri sergini aýlandy

BT
Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Bolgariýanyň premýer ministri sergini aýlandy
R.Meredow we B.Borisow Halkara deňiz portynda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we “Türkmen sährasy-2019” awtomobil sergisine aýlandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bolgariýanyň premýer ministri Boyko Borisow bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portynda dowam edýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we “Türkmen sährasy-2019” awtomobil sergisine aýlandy.

Türkmenistanyň baş diplomaty we Bolgariýanyň premýer ministri iýun aýynda Ahal welaýatynda açylan gazdan benzin öndürýän zawodyň stendiniň ýanynda saklanyp, zawod barada maglumat aldylar.

“Türkmen sährasy – 2019” awtomobil sergisiniň geçirilen zalynda daşary işler ministri R.Meredow myhmany “Amul – Hazar – 2018” halkara awtoralli ýaryşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ulanan awtoulagy bilen tanyşdyrdy. 

2022