“Mona” önümleriniň hyrydary köpelýär

“Mona” önümleriniň hyrydary köpelýär
Kärhanada 60-a golaý işgär zähmet çekýär.

Içerki bazar we eksport üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge niýetlenen kuwwatly, döwrebap kärhanalary döretmek, ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek we ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly tagallalara hususyýetçilerimiz öz goşantlaryny goşýar.

“Gujurly ýaşlar” hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Mona” haryt nyşanly önümleri öndürýän kärhanasynyň bu babatda mynasyp işler alyp barýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana tarapyndan ilatyň köp isleg bildirýän hojalyk önümleridir harytlarynyň ýokary hilli, köp dürli görnüşi öndürilýär. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde öndürilýän suwuk sabyndyr şampun, gapgaç ýuwujy serişdeler, çygly we gury süpürgiçler, aşhana süpürgiçleri, egin-eşik ýumşadyjy serişdeler, hammam geli we beýleki hojalyk serişdeleri ilat arasynda uly meşhurlyga eýedir. 

Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil tehnologiýalar ol ýerde öndürilýän önümiň ilatyň ösen islegini kanagatlandyrmagyny üpjün edýär. Ýuwujy serişdeler bolsa, diňe bir ýokary hilliligi bilen däl, hoşboý ys berijiligi bilen hem tapawutlanýar.

“Iki gektar meýdanda şu kärhanamyzyň degişli desgalaryny gurdurdyk, daşary ýurtlaryň kämil enjamlaryny getirdip ornaşdyrdyk hem-de hojalykda giňden ulanylýan zerur serişdeleriň önümçiligini ýola goýduk. Täzeçe gözlegler netijesinde işimiziň gerimi barha giňedi. Bu gün çygly we gury süpürgiçleriň, aşhana, hajathana kagyzlarynyň, tämizleýji, kir ýuwujy serişdelerimiziň görnüşi has-da artdy. Şampunlar, hammam sabyndyr hammam geli, gapgaç ýuwujy serişdeler dürli göwrümli, göze gelüwli gaplarda ilata hödürlenýär. Biz, ilkinji nobatda, önümiň hiline üns berýäris.” diýip, “Gujurly ýaşlar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Şöhrat Hanmuhammedow aýdýar.

Kärhanada 60-a golaý işgär zähmet çekýär. Hünärmenleriň zähmeti netijesinde öndürilýän önümler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky söwda nokatlarynda ilata ýetirilýär.

2022