CBS we “Viacom” täzeden birleşdi

CBS we “Viacom” täzeden birleşdi
Geleşikleriň netijelendirilmegi bilen 28 milliarddan gowrak gymmaty bolan “ViacomCBS Inc.” kompaniýasy döredildi.

CBS we “Viacom” (VIA) birleşýär. Sişenbe güni ýaýradylan beýanata görä iki media ägirdiniň birleşmegi bu ulgamdaky birnäçe brendi “bir üçegiň aşagynda” jemlär. Köpden bäri garaşylýan geleşikleriň netijelendirilmegi bilen 28 milliarddan gowrak gymmaty bolan “ViacomCBS Inc.” kompaniýasy döredildi.

Täze media kompaniýasy CBS-niň ýaýlyma beriş toruny, “CBS All Access” efir hyzmatyny, “Paramount” film studiosyny hem-de “Showtime”, MTV, “Nickelodeon”, BET we “Comedy Central” ýaýlyma beriş torlaryny özünde jemleýär.

“Viacom”-yň ýolbaşçysy Bob Bakiş täze kompaniýanyň hem başlyklygyna bellener. CBS-niň dolandyryjysy Joý Iýaniello bolsa CBS-niň başlygy wezipesine geçer.

Bakiş metbugat beýanatynda: “Şu gün CBS we VIA üçin ähmiýetli gün bolup durýar. Mazmuny we tomaşaçy sany güýçli we düýpli bolan kompaniýalaryň biri bolmak üçin, media industriýasynyň geljegini şekillendirmek maksady bilen öz emläklerimizi we mümkinçiliklerimizi birleşdirdik” diýdi.

Başda bir kompaniýanyň elinde bolan bu iki media ägirdi 2006-njy ýylda aýrylýar. Birnäçe ýyldan bäri iki kompaniýany birleşdirmäge çalyşan CBS-niň eýesi “National Amusements” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Şari Redstone täze geleşik barada: “Iki kompaniýanyň birleşmegini görmek tolgundyryjy waka. Şeýlelikde olar öz mümkinçiliklerini birleşdirmek arkaly uly güýç döreder” diýdi.