Türkmenistan nebitçiler üçin “ISUZU” kysymly 800 awtobus satyn alar

Türkmenistan nebitçiler üçin “ISUZU” kysymly 800 awtobus satyn alar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 11-12-nji awgustda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Oňa premýer-ministr Abdulla Aripowyň ýolbaşçysylygynda Özbegistanyň uly wekiliýeti gatnaşdy. Özbegistan hazarýaka döwleti bolmasa-da foruma uly gyzyklanma bildirdi.

Özbegistan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bilen iş alyp barmaga isleg bildirýär. Port hazarýaka ýurtlaryna logistikany ýola goýmaga, şeýle-de Hindi ummanynyň portlaryna we Pars aýlagynyň ýurtlaryna çykmaga mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtda forum ýurduň awtomobil senagatynyň önümleri bilen tanyşdyrmak we şol ýurtlarda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly meýdança öwrüldi. 

“Türkmen kärdeşlerimiz bilen geçirilen üstünlikli gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy üçin Samarkandyň awtomobil zawodynyň önümi bolan “ISUZU” kysymly 800 sany awtobusy ibermek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Awobuslar ýolagçylary däl-de, diňe çalşyklaýyn usulda işleýän nebitgaz ulgamynyň işgärlerini gatnatmak üçin niýetlenendir” diýip, gepleşikleriň netijeleri bilen özbek awtomobil senagatyna wekilçilik edýän şereketiň baş direktory Fahriddin Bakiýew paýlaşdy.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022