Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Dostlukly döwletiň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini aýtdy. 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz birinji Hazar ykdysady forumynyň meýdançasynda özara gatnaşyklaryň döwrüň talabydygyny hem-de sebit we dünýä möçberinde möhüm meseleleri çözmek babatda örän derwaýysdygyny belledi.

Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle ýokary derejedäki netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar netijesinde gazanylandygyny nygtady. Olar ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly isleg hem-de syýasy erk-islegi bildirýärler.

Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Doganlyk ýurtdan getirilýän harytlara türkmen bazarynda uly isleg bildirilýär, öz nobatynda Özbegistan türkmen önüm öndürijileriniň eksportunda möhüm orny eýeleýär.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda taraplaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi köpşahaly üstaşyr ulag we logistika düzümini döretmekde möhüm şertleriň biri hökmünde çykyş edýär.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebitiň umumy meselelerini, şol sanda Araly halas etmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýärler.

Şeýle hem anna güni goňşy ýurduň daşary işler ministri A.Karimow türkmen kärdeşi R.Meredow bilen DIM-de duşuşyk geçirdi.