Jeýms Bonduň sagady 160 müň dollardan auksiona çykaryldy

Jeýms Bonduň sagady 160 müň dollardan auksiona çykaryldy
Jeýms Bondyň “Submariner”-y üçin açylan auksiýada başlangyç mukdar 160 müň dollar.

Jeýms Bond kinolaryna tomaşa edenimizde baş gahrymanyň ulanýan enjamlaryna seredip, “mende hem bolsady” diýmedigimiz ýok bolsa gerek. Bu aňtaw kinolarynyň ilkinjisi bolan “Doktor Nou” filminde Jeýms Bonduň keşbini ýerine ýetiren aktýor Şon Konneriniň dakynan “Rolex Submariner 6538” sagadynyň bir görnüşi auksion öýi “Sotheby’s” tarapyndan satlyga çykaryldy.

Filmdäki ýaly lazer kesiji, partladyjy ýaly gizlin aýratynlyklary bolmasa hem 1958-nji ýylda öndürilen “Rolex” sagadynyň azyndan 280 müň dollara satylmagyna garaşylýar. 1962-nji ýylda düşürilen filmden soň Jeýms Bonduň “Submariner”-y lakamyny alan bu sagat takyklygy boýunça şweýsar sagat instituty COSC tarapyndan sertifikatlaşdyrylan. Bu barada “Sotheby’s” auksion öýüniň websaýtyna aýdylyp, maglumatda auksiona çykarylan sagadyň ýüzünde uly çyzyklaryň we bellikleriň ýokdugyna üns çekilýär.

Ýan Flemmingiň “Doktor Nou” romany esasynda düşürilen filmde Şon Konneriň ulanan sagadynyň goşar bagy gaýyş bolan bolsa, “Sotheby’s”-yň çykaran sagadynyň bagy poslamaýan polatdan ýasalan. Çarşenbe güni auksion öýüniň elektron platformasyna ýerleşdirilen “Rolex Submariner 6538” sagadyna isleg bildirýänler 20-nji awgusta çenli öz elektron tekliplerini ugradyp bilerler. Jeýms Bondyň “Submariner”-y üçin açylan auksionda başlangyç nyrh 160 müň dollardyr.

“Doktor Nou” filminde Jeýms Bond keşbiniň näme üçin “Rolex” sagadyny ulanandygynyň bolsa ýeke-täk jogaby bar: romanyň awtory Ýan Flemmingiň özi hem “Rolex” dakynýardy.

2022