Prezident bankomatlardaky we awtobuslardaky kemçilikler üçin käýinç berdi

Prezident bankomatlardaky we awtobuslardaky kemçilikler üçin käýinç berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda hasabatlary diňlän Türkmenistanyň Prezidenti işlerinde kemçilik goýberendikleri sebäpli käbir ýolbaşçylara käýinç yglan etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdarynyň bardygyny aýdyp, şolaryň maksadalaýyk peýdalanylmagy, aýratyn-da, degişli tehniki toparlaryň bankomatlaryň sazlaşykly işine gözegçiligini yzygiderli ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň döwrüň talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti agentligiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy O.Suhanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu tomus möwsüminde jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi boýunça bellenilen tertipnamalaryň bozulan ýagdaýlarynyň bolandygyny belläp, bu işleriň günübirin düzedilmegini talap etdi.

 

2022