Lebap welaýatynda ýangyç guýujy beketleriň gerimi giňeýär

Lebap welaýatynda ýangyç guýujy beketleriň gerimi giňeýär

“Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky Lebap abatlaýyş-gurluşyk meýdançasynyň gurluşykçylary 2 sany täze ýangyç guýujy beketleriň (ÝGB) gurluşygyna başlady.

“Türkmenistan: Altyn asyryň” habar bermegine görä, şol ýangyç guýujy beketleriň biri Türkmenabat-Gazojak awtomobil ýolunyň ýakynynda, Darganata etrabynda ýerleşýän metjidiň golaýynda, beýlekisi Çärjew etrabynyň J.Häkimow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär.

Beketleriň her biri gije-gündizde 500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenip, elektron dolandyryş ulgamly ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün ediler. Bu bolsa, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň dessinligini we ýokary hilini üpjün eder. Beketleriň gurluşygynda häzirki zaman we ýanmaýan bezeg materiallary ulanylar. 

ÝGB her birinde awtoýuwalgalar üçin bokslar, ekspress hyzmatlar we ownuk abatlaýyş işleri, ätiýaçlyk şaýlaryny satmak üçin otaglar, jemgyýetçilik naharhanasy göz öňünde tutular. 

ÝGB-leriň çäkleri abadanlaşdyrylar, yşyklandyryş desgalaryň aýratynlygyny nazara almak bilen gurnalar. Ýurduň gündogar sebitiniň Çärjew we Darganata etraplaryndaky häzirki zaman beketler şu ýylyň ahyryna çenli ulanmaga berler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022