“Amazon” iň uly binasyny Hindistanda açdy

“Amazon” iň uly binasyny Hindistanda açdy
Hindistanda 62,000 işgäri bolan e-söwda kompaniýasynyň Haýdarabad şäherinde açan täze binasy, onuň ABŞ-nyň daşyndaky ilkinji şahamçasy boldy.

ABŞ merkezli elektron söwda ägirdi “Amazon” özüniň iň uly binasyny çarşenbe güni Hindistanda açdy. “Times of India”-nyň habar bermegine görä, kompaniýanyň täze binasy 15 müň işgäre niýetlenip, 4 gektar meýdanda guruldy.

Hindistanda 62,000 işgäri bolan e-söwda kompaniýasynyň Haýdarabad şäherinde açan täze binasy, onuň ABŞ-nyň daşyndaky ilkinji şahamçasy boldy.

“Amazon”-yň wise-prezidenti Jon Şotler täze binanyň umumy meýdany boýunça kompaniýanyň iň uly binasydygyny aýdyp, “Amazon”-yň Haýdarabad şäherindäki beýleki sekiz binasyndan 4,500 işgärini täze ofise geçirendiklerini mälim etdi.

2016-njy ýylyň martynda gurluşygyna başlanan binada Eýfel diňindäkiden 2,5 esse köp polat ulanyldy; ortaça 2,000 işgär binanyň gurluşygynda işledi. “Amazon”-yň täze şäherjiginde üçüsiniň ýaşy 200-den ýokary bolan 300 agaç we 850,000 litr suwy gaýtadan işleýän zawod bar.