Düýe süýdüniň “Gudratly önümi” ilata elin ýetirilýär

Düýe süýdüniň “Gudratly önümi” ilata elin ýetirilýär

“Gudratly önüm” haryt nyşanly süýt önümleri telekeçi Polat Kanaýewiň 500 düýeli hojalygynda taýýarlanýar. Düýeler telekeçä bölünip berlen giň meýdanda idedilýär.

Gökdepe etrabynyň “Ahal” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän bu düýedarçylyk hojalygynyň döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, ol özüniň ýokary hilli süýt önümleri bilen ilat arasynda uly meşhurlyk gazandy. Hojalygyň ýörite önümçilik kärhanasynda öndürilýän agarany, gaýmakdyr çaly bu gün söwda nokatlarynyň iň islegli önümleriniň birine öwrüldi.

Düýe malynyň Garagumyň dürli derman ösümliklerinden iýmitlenmegi ondan alynýan önümiň ynsan saglygy üçin ýokumly bolmagyny üpjün edýär.

Telekeçi P.Kanaýew: “Düýe malynyň isrip zady ýokdur. Onuň eti-de, süýdi-de, ýüňi-de ynsan saglygy üçin tenekardyr. Düýe giň sährada ýaýnap önüp-ösýär. Düýedarçylyk hojalygymyzdaky düýeleriň 200-si sagylýan mallardyr, 100-si torum, galany bolsa köşekdir. Hojalygymyzda düýeleriň degişli talaplara laýyklykda sagylmagy üçin ähli şertler bar” diýip belledi.

Kärhanada ýörite önümçilik bölüminde düýelerden alynýan süýt gaýtadan işlenilip, çaldyr agaran-gaýmak taýýarlanylýar. Häzirki wagtda düýedarçylyk hojalygynda, şol sanda onuň önümçilik kärhanasynda ýaşlaryň uly topary işleýär. Olaryň zähmeti bilen düýelerden alynýan süýdüň günde iki tonna barabary gaýtadan işlenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022