“Abadan haly” Singapurda we Eýranda geçirilýän sergilere gatnaşýar

BT
“Abadan haly” Singapurda we Eýranda geçirilýän sergilere gatnaşýar
Maşatda geçirilýän sergide “Abadan haly” AGPJ polipropilenden öndürilen haly we ýüplük önümlerini hödürleýär.

Türkmenistanyň iň uly haly öndüriji hususy kompaniýasy bolan “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Singapurda we Eýranda gurnalan sergilerde öz önümlerini görkezýär.

Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän we ýurduň iň uly ikinji şäheri bolan Maşatda geçirilýän serginiň dowamynda “Abadan haly” AGPJ aýratyn pawilionda polipropilenden öndürilen haly we ýüplük önümlerini gyzyklanma bildirýänlere hödürleýär. Bu barada maglumat beren kärhananyň Baş direktory Begenç Çäşemow goňşy ýurtda ýekşenbe güni açylan serginiň “Abadan haly” üçin täze eksport ugurlaryny döretjekdigine ynanýandyklaryny aýtdy.

Bu sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagt Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda ýerleşýän agzalarynyň dürli ugurlar boýunça önümleri görkezilýär.

“Abadan haly” AGPJ Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura edýän iki günlük resmi saparynyň çäklerinde bu ýurtda gurnalan Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisinde hem öz önümlerini görkezýär.

Kärhananyň ýolbaşçysy Begenç Çäşemow Günorta-Gündogar Aziýanyň ada döwleti bolan Singapur bilen söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak isleýändiklerini aýdyp, şeýle sergileriň özleri üçin uly ähmiýete eýedigini nygtady.

“Abadan haly” AGPJ-niň marketing bölüminiň wekilleri Singapurda geçiriljek türkmen-singapur işewürler maslahatyna hem gatnaşar.

2016-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen “Abadan Haly” toplumy soňky üç ýylyň dowamynda önümçilik kuwwatyny üç esse artdyryp, häzirki döwürde ýyllyk 2.5 million inedördül metrden gowrak haly we haly önümlerini öndürýär. Toplumyň haly önümleri we polipropilen ýüplükleri Gazagystana, Özbegistana, Owganystana, Azerbaýjana we Türkiýä eksport edilýär. Kärhana Russiýa, şeýle hem Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri alyp barýar.

2022